Türkmenistanda täze suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygy tamamlandy we olar dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Täze desgalaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde gurlan arassalaýjy toplumlar bar. Bu desgalar ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we lagym suwlaryny netijeli arassalamak maksady bilen döredildi.
Gyzylarbat etrabynda kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 30 müň kubmetre barabar bolan suw arassalaýjy toplum işe girizildi. Bu toplum biologiýa taýdan arassalaýyş üçin 90 müň kubmetrlik desgalar bilen üpjün edildi. Tagtabazar etrabynda bolsa kuwwaty 20 müň kubmetre deň bolan gidrotehniki toplum açyldy, ol “Istibar” we “Guşgy” suw ýataklaryndan suw alyp, arassalap halka ýetirýär.
Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinde we töwerek ilatly ýerlerde ulanyljak lagym arassalaýjy desga guruldy. Onuň gündelik kuwwaty 10 müň kubmetrdir. Şonuň bilen birlikde, Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesinde lagym suwlaryny arassalamak üçin niýetlenen, bir gije-gündizde 5 müň kubmetr suw arassalap bilýän desga ulanylmaga berildi.
Täze arassalaýjy toplumlar Germaniýanyň, ABŞ-nyň, Italiýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamy bilen enjamlaşdyryldy. Hünärmenler lagymdan arassalanan suwlary oba hojalyk ekinlerini suwarmak üçin ulanmagy meýilleşdirýärler, bu bolsa suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna uly goşant goşar.
Desgalaryň açylyş dabaralary konsert maksatnamalary bilen utgaşyp, ýerli ýaşaýjylar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Farmakologiýa kafedarasynyň
uly mugallymy lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.
Teswirler