2025-nji ýylyň 28-nji martynda türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahatyna gatnaşdy. Maslahat Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen hyzmatdaşlykda Şweýsariýanyň Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Bu okuw maslahatyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri bilen birlikde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle-de CAREC-iň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory maslahata gatnaşanlaryň hataryndady.
Okuw maslahatynyň esasy maksady sebitleýin suw diplomatiýasyny ösdürmek, ýurtlaryň arasynda suw çeşmeleriniň adalatly paýlanmagyny üpjün etmek hem-de Merkezi Aziýada suw hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boldy. Maslahatyň dowamynda suw dolandyryşy, ekologiýa taýdan durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen wekilleri duşuşykda ýurdumyzyň suw dolandyryş strategiýalary, suw diplomatiýasy we ekologiýa taýdan durnukly ösüş ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ylmy-barlag institutlarynyň we döwlet edaralarynyň suw serişdeleriniň dolandyrylmagyndaky ornuny berkitmek bilen baglanyşykly meseleler gozgaldy.
Bu okuw maslahaty sebitiň durnukly ösüşine goşant goşýan möhüm çäreleriň biri hökmünde aýratyn bellenilip geçildi. Suw serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagy we ekologiýa taýdan durnukly çözgütleriň ornaşdyrylmagy babatda uly ähmiýete eýe bolan bu çäre, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda suw diplomatiýasynyň möhüm orny eýeleýändigini görkezdi.
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedarasynyň
uly mugallymy, lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.
Teswirler