Türkmen Bitaraplygy: parahatçylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk

Dünýä kitabynda ady altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistan tutuş ýer ýüzi boýunça hemişelik bitarap döwletdir. Dünýäde üç sany bitarap döwlet hereket edýär: Awstriýa, Şweýsariýa we Türkmenistan. Diňe Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi “ykrar edilen bitaraplykdyr”.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäde iň uly abraýly gurama hasaplanylýan Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan 185 döwletiň goldamagynda Türkmenistana “bitaraplyk” derejesi berildi. Ikinji gezek 2015-nji ýylda, ýagny, birinji gezek gazanylan bitaraplykdan 20 ýyl geçenden soň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 200-den gowrak döwletiň goldamagynda bitarap döwlet hökmünde yglan edildi.

Bitaraplyk türkmen halkyna birnäçe miwelerini eçildi. Ýurdumyzda höküm sürýän asudalyk, jebislik, doganlyk gatnaşyklary, goňşy döwletler bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly gatnaşyklar bitaraplygyň netijesidir. Bu gün bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany tutuş ýer ýüzi tanaýar. Syýasatda, ykdysadyýetde, saglyk, bilim we ylym, medeni ugurlar boýunça yzygiderli ösüşlerdir özgerişler gazanylýar. Ýerasty we ýerüsti baýlyklarynyň baý tebigy gorlary boýunça dünýäde ilkinjileriň hatarynda durýan güneşli Diýarymyzyň at-abraýy, mertebesi ýokarydyr.

1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwletimiziň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde bitaraplyk binasy guruldy. Döwlet nyşanlarymyz bolan ýaşyl baýdagymyzda we tugramyzda zeýtun şahajyklarynyň goýulmagy hem baky bitaraplygymyzy alamatlandyrýan nyşandyr. Baky Bitaraplygyna eýe bolan döwletimiz özüniň maddy, medeni we ruhy gymmatlyklarynyň hakyky eýesi boldy.

Berkarar  döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz oňyn bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Oňyn bitaraplyk syýasatynyň esasynda parahatsöýüjilikli, ysnyşykly, ylalaşykly gatnaşyklary goldaýar. Tebigy betbagtçylyklar we käbir nogsanlyklar zerarly ejir çekýän döwletleriň halklaryna ynsanperwer kömegini berýär. Daşarky döwletleriň dawa-jenjellerine goşulmaýar. Birnäçe abraýly halkara guramalaryna agza bolup, dürli ugurlarda oňyn gatnaşyklary alyp barýar. Bularyň ählisi hem ýurdumyzyň hemişelik bitaraplygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Gurbanguly GAROWOW,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Kliniki farmokologiýa
okuwly gospital terapiýa
kafedrasynyň assistenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok