Sebitleýin ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi: täze mümkinçilikler

Eziz ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ulag strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan ýurdumyzyň sebit hem halkara ähmiýetli möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän orny barha berkeýär. Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyz gysga döwürde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy, halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak babatda gymmatly tejribeleri toplady. Ýurdumyzyň geljegi uly bolan ulag-logistika ugrunda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi-de aýratyn bellärliklidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň halkara ähmiýetli iri ulag ýollarynyň çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny has hem pugtalandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň güwäsidir. Diýarymyz özara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň Hökümetara topary, Ýol gurluşykçylarynyň hökümetara geňeşi we Ulag diplomatiýasy boýunça halkara merkez bilen bilelikde taýýarlanylan maksatnamalary amal edýär. BMG-niň «ýaşyl» ulag babatda Ählumumy howa maksatnamasynyň we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän tagallalar ulag infrastrukturalaryny ösdürmekde maýa goýumlaryň innowasion gurallaryny ilerletmäge ýardam edýär.

Ýurdumyz Halkara raýat awiasiýasy guramasy, Howa ulagynyň halkara assosiasiýasy, Ýewropanyň uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça agentligi, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy, Halkara Deňiz Guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Köp şahaly, şol bir wagtyň özünde howpsuz halkara ulag düzüminiň döredilmegi ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň biri, dünýä ösüşiniň wajyp ugry bolup durýar. Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň bar bolan kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly bitewi multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hem Maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşygy, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal gatnawlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde hem degişli işler alnyp barylýar.

Halkara howa gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin hem zerur şertler döredilip, dürli ýurtlara amala aşyrylýan uçuşlaryň sany artdyrylýar. Munuň özi milli awiakompaniýamyzyň Watanymyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga goşýan goşandynyň uludygyny görkezýär. Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygyna-da möhüm ähmiýet berilýär. Içerki ulag düzümini kämilleşdirmek, halkara ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşmak, üstaşyr ýük daşamalardaky hereketleri işjeňleşdirmek milli ykdysadyýeti ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe.

Türkmenistan ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ulag-kommunikasiýa pudagynda infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek ýaly parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, ählumumy ösüşiň häzirki zaman ugurlaryna doly laýyk gelýän täze geoykdysady hyzmatdaşlyk meýdançasynyň binýadynyň goýulmagyna möhüm goşant goşýar.

Begnur GURBANDURDYÝEW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Roman-german dilleri we
edebiýaty fakultetiniň Iňlis dili we
edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok