21–29-njy mart aralygynda Hindistanda Merkezi Aziýa we Hindistanyň ýaşlarynyň forumy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu forum, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda geçirilen “Hindistan – Merkezi Aziýa” birinji sammitinde Hindistanyň Premýer-ministriniň başlangyjy boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda guraldy. Forum ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny berkitmek we sebitiň ýurtlary arasyndaky medeni alyşmalary ösdürmek maksady bilen geçirilýän möhüm çäreleriň biridir.
Şeýle hem forumyň çäklerinde ýaşlar «MY BHARAT» hindi hereketiniň meýletinçileri bilen söhbetdeş bolup, Hindistanyň ýaşlary bilen özara pikir alyşdylar. Türkmen wekiliýeti forumyň işine işjeň gatnaşyp, sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça häzirki zaman garaýyşlaryny, başlangyçlaryny we pikirlerini beýan etdiler.
Halkara forumyna gatnaşmak, türkmen ýaşlaryna Hindistanyň we beýleki sebitleýin ýurtlaryň işjeň ýaşlary bilen göni gatnaşyklar gurmaga, iň oňat bilim we innowasion tejribeler bilen tanyşmaga giň mümkinçilikler berýär. Üçünji gezek geçirilen bu halkara ýaşlar forumy, Merkezi Aziýa we Hindistanyň ýaş liderleriniň özara gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga, bilim, medeni we innowasion başlangyçlary goldamaga gönükdirilendir.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Farmakologiýa kafedarasynyň
uly mugallymy lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.
Teswirler