Gaty bugdaýyň aýratynlyklary

Dünýäde azyklyk maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň ýarysyndan gowragy, ýagny 70 göterimi däneli ekinlere (bugdaý, şaly, mekgejöwen, jöwen, dary, arpa, çowdary, süle, greçiha) degişli bolup, her ýyl 2 milliard tonna golaý däne hasyly alynýar. Däneden taýýarlanan azyk önümleri adamyň gündelik talap edýän energiýasynyň 40-67 göterimini üpjün edip bilýär. Däneli ekinleriň arasynda bugdaýyň azyklyk gymmaty düzüminde ýaşaýyş üçin esasy orny tutýan örän möhüm beloklary, şeýle-de suwda eremeýän sozulgyç, çişme häsiýetli özlülik belogy bolan kleýkowinany saklaýanlygy bilen baglydyr. Bugdaý dänesinde umumy belogyň saklanyşy 16-18 göterime çenli ýetýär. Kleýkowina bolsa çöregiň çişmegi, içiniň gözenekli we özli bolmagy üçin ähmiýetlidir. Geljekde hem oba hojalygynyň gallaçylyk pudagynyň esasy wezipesi möhüm strategik ekin bolan bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilişini ylmy esasda alyp barmakdan, öndürilýän hasylyň möçberini artdyrmakdan, her bir gektar meýdanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Belli bolşy ýaly, bugdaýyň gaty (Triticum durum L.) we ýumşak (Triticum   aestivum L.) görnüşleri tapawutlandyrylýar. Gaty bugdaý ýazlyk görnüşlerden tötänden öz-özünden emele gelmek bilen, ýumşak bugdaýdan özüniň biologiki, morfologiki, hojalyk häsiýetleri boýunça düýpli tapawutlanýar.

Gaty bugdaý öz-özünden tozanlanýan bolsa-da, onda açyk gülleriň göterimi ýumşak bugdaýa garanda has ýokary. Güýzlük gaty bugdaýyň esasy ösüş döwürleri hem 2-5 gün giç bolup geçýär. Şeýle-de gaty bugdaýyň sortlarynyň köpüsi ýazlyklaşma döwrüniň gysgalygy (20-25 gün) we aramlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýagdaý ekiş möhletleri ekiş möhletleri saýlananda göz öňüne tutulmalydyr.

Ýumşak bugdaý bilen deňeşdirilende gaty bugdaýyň kesellere çydamlylygy ýokarydyr. Mysal üçin, gaty bugdaýyň Melanopus-26 görnüşi bugdaýyň sary poslama keseline has az sezewar bolýar.

Gaty bugdaýyň dänesinde beden üçin möhüm witaminler, sink, marganes, natriý, kaliý, magniý ýaly mikroelementleri we beýleki peýdaly maddalar saklanýar. 100 gram dänesinde 13 g belok, 2,5 g ýag we 57,5 ​​gr uglewod bolup, kaloriýalylygy 304 kkal deň. Gaty bugdaýyň unundan iň ýokary hilli unaş önümleri taýýarlanylýar. Ondan taýýarlanan unaş önümleri uzak wagtlap saklanmaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Ýumşak bugdaý dänesinden unuň çykymy takmynan 77 göterim, gaty bugdaýdan bolsa 72 göterime deňdir.

Gaty bugdaýyň ilkinji nusgalary XIX asyryň ahyrynda ýygnalyp başlapdyr. Häzirki wagtda dünýädäki WIR kolleksiýasynyň 52 müňden ybarat bolup, şonuň 1 müňden gowragy gaty bugdaýyň nusgalarydyr. Ol Afrika ýurtlarynda, Italiýanyň günortasynda we ABŞ-nyň demirgazygynda has giň meýdanlarda ekilýär. Halkara däneçilik geňeşiniň (International Grains Council) maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda gaty bugdaýyň dünýä ýüzünde öndürilişi 37-40 million tonna deň boldy. Dünýä ilatyny gaty bugdaýyň hasyly bilen iň köp üpjün edijiler Ýewropa Bileleşigi (8,5-9,8 mln tonna), Kanada (5-7,8 mln tonna), Türkiýe (4 mln tonna), ABŞ (1,5-2,8 mln tonna), Meksika (2 mln tonna), Tunis (1 mln tonna) hasaplanylýar.

Ýer ýüzünde gaty bugdaýyň 120-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda gaty bugdaýyň dünýä ýurtlarynda Agat Donskoý, Ýahont, Moskowskaýa-39, Rino, Wasilina, Ottawa, Saratowskaýa, Melýanopus, Ýantarina, Çernokoloska, Garnowka, Krasnoturka, Beloturka, Kubanka, Faworitka, Dinas, Lakomka ýaly görnüşleri ekilýär.

Ýurdumyzda seçgiçi alymlarymyz tarapyndan gaty bugdaýyň    Türkmenbaşy-1, Akbaş, Merw we beýleki ýokary hasylly sortlary döredilip, önümçilige ornaşdyryldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda ýumşak bugdaý bilen birlikde gaty bugdaýyň seleksiýasy hem ylmy esasda alnyp barylýar. Bu alnyp barylýan ylmy işlere institutda zähmet çekýän ýaş hünärmenler hem işjeň gatnaşmak bilen, möhüm strategiki ekin bolan güýzlük bugdaýyň seleksiýasy babatdaky nazary bilimlerini yzygiderli artdyrýarlar.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok