Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän her bir medeni-köpçülik çäreleriň aýratyn syýasy ähmiýeti bar. Her bir ýyl üçin dakylýan syýasy adyň hem özüne mahsus bolan many-mazmuny bar. Häzirki dowam edýän 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy hem uly taryhy ähmiýete eýedir.
2025-nji ýylda Ata Watanymyz Türkmenistanyň öz bitaraplygyny gazananyna doly 30 ýyl dolýar. “Bitaraplyk” sözüniň manysy “parahatçylyk” adalgasy bilen baglanyşdyrylýar. “Bitarap” diýmek dünýäde başga hiç bir döwletiň uruş-dawasyna goşulmazlyk diýmekdir. Uruş-dawa bolmadyk döwletde parahatçylyk, asudalyk höküm sürýär. Mundan başga-da ak mermer şäherimiz Aşgabat – sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä ýüzünde tanalýar.
Watanymyz öz bitaraplygyny gazanandan soň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özgerişler gazanyldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu dünýä ýüzünde ykrar edilen bitaraplykdyr. Bitarap döwlet bolmaklygyň ähli şertlerini berjaý etmek bilen 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 185 döwletiň goldamagynda döwletimiz öz bitaraplygyny gazandy. 2015-nji ýylda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 200-den gowrak döwletiň ses bermeginde hemişelik bitaraplyk derejesini gazandy. Geçen 30 ýylyň dowamynda Watanymyz birnäçe halkara guramalaryna agza bolup, parahatçylygy, halklar bilen dostlugy, asudalygy goldap çykyş etdi. Dünýäniň birnäçe döwletleri bilen saglyk, ylym-bilim, medeni, syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny ýola goýdy. Döwletleriň birnäçesi bilen ysnyşykly, jebis, dostlukly aragatnaşyk saklaýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty hem sebitde we dünýä ýüzünde döwletleriň halklarynyň arasynda parahatçylyga we birek-birege ynanyşmaga alyp barýar.
Watanymyzyň nurana geljegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly sag bolsun aýdýarys!
Jemal HALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekologiýa fakultetiniň
Ekologiýa kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler