Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşiň binýady

Häzirki döwürde sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşiň möhüm sütüni bolup durýar. Global ykdysady integrasiýanyň güýçlenýän şertlerinde ulag, energetika we logistika ýaly strategik ugurlar dünýä ýurtlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen halkara maslahatlar hem şu möhüm meseleleri öz içine alýar.

Türkmenistan özüniň amatly geosyýasy ýerleşişi bilen Aziýa we Ýewropa ýurtlaryny birleşdirýän möhüm söwda we ulag geçelgeleriniň merkezinde durýar. Bu ýagdaý, ýurdumyzyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ornuny barha güýçlendirýär. Esasan hem, ulag ulgamynda yzygiderli alnyp barylýan taslamalar Türkmenistanyň bu ugurda öňdebaryjy orun eýeleýändigini görkezýär.

2025-nji ýylyň 19-njy martynda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat hem hut şu meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistan bilen Merkezi Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, ulag-logistika taslamalarynyň mümkinçilikleri, energiýa diwersifikasiýasynyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan parahatçylykly ulag diplomatiýasynyň ilerledilmeginde uly tagallalar edýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ulag ulgamy arkaly ösüşi üpjün etmek” atly Kararnamalar bu ugurda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Sebitara we yklymara ulag taslamalarynyň ösdürilmegi halkara söwdanyň çaltlaşmagyna hem-de täze maýa goýum mümkinçilikleriniň döremegine itergi berýär. Hususan-da, Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag geçelgeleriniň giňeldilmegi sebitleýin ykdysady integrasiýanyň çaltlaşmagyna ýardam edýär.

Türkmenistan diňe bir ulag diplomatiýasy bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde hem möhüm orny eýeleýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, energiýa üpjünçiligi köpugurly we deňeçer esasda alnyp barylmalydyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan işleri täze gaz geçirijiler we infrastruktura taslamalary arkaly has-da rowaçlanýar.

Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, syýasy we medeni taýdan hem ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan bu ugurda halkara guramalar, goňşy döwletler we beýleki hyzmatdaş ýurtlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Ulag we energetika infrastrukturasynyň ösdürilmegi diňe bir söwda-ykdysady ösüşi däl, eýsem, global durnukly ösüşi hem üpjün edýär. Türkmenistanyň öňe sürýän ulag we energetika taslamalary sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitleýär. Şeýlelikde, durnukly ösüş strategiýalarynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, bütindünýä derejesinde hem ykdysady ösüşe, parahatçylyga we ynanyşmaga hyzmat edýär.

Aýsoltan Dilekowa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok