Batareýalaryň çalt zarýadyň tükenmegi we ýygy-ýygydan zarýad bermegi talap etmegi gündelik durmuşymyzda kynçylyk döredýär. Emma alymlar bu meselä çözgüt tapmak üçin täze ýadro batareýalary üstünde işläp başladylar. Bu batareýalar uglerod-14 diýlip atlandyrylýan radioaktiw maddanyň kömegi bilen işleýär we uzak möhletleýin energiýa üpjün edip biler.
Häzirki wagtda litium-ion batareýalary iň giňden ulanylýan energiýa çeşmesi bolup durýar. Olary smartfonlarda, noutbuklarda we hatda elektrik ulaglarynda hem tapyp bolýar. Emma bu batareýalaryň birnäçe kemçilikleri bar:
Gysga ömürli – wagtyň geçmegi bilen güýç saklamak ukyby peselýär.
Ekologiýa zyýanly – litium çykarmak tebigata uly zeper ýetirýär.
Gaýtadan işlenmegiň kynçylyklary – ulanylan batareýalary howpsuz taşlamak we täzeden işlemek kyn.
Şeýle ýagdaýda alymlar ýadro energiýasyna esaslanýan batareýalary döretmäge synanyşýarlar. Bu täze batareýalar radioaktiw izotoplaryň kömegi bilen elektrik öndürýär we has uzak wagtlap işläp bilýär.Ýadro batareýalary näme we olar nädip işleýär?
Betawoltalyk batareýalar diýlip atlandyrylýan bu täze nesil batareýalar radioaktiw maddalaryň dargamagyndan energiýa alýar. Olar beta bölejikleri diýlip atlandyrylýan ownuk elektron bölejikleriniň hereketini ulanyp elektrik öndürýär. Bu proses howpsuz bolup, güýçli şöhlelenmä sebäp bolmaýar.
Koreýadaky Daegu Gyeongbuk Ylym we Tehnologiýa Institutynyň (DGIST) alymlary uglerod-14 esasynda işleýän batareýanyň prototipini taýýarladylar.
Uglerod-14-iň amatlyklary:
Howpsuz – diňe beta şöhlelenme çykarýar, ony ýönekeý materiallar bilen ýapmak bolýar.
Elýeterli – ýadro energiýasynyň galyndy önümidir, arzan we täzeden ulanyp bolýar.
Uzak wagt işleýär – 5 730 ýyllyk ýarym ömri bar, bu bolsa onýyllyklap zarýad bermezden ulanmaga mümkinçilik döredýär.
Täze batareýalaryň gurluşy elektron akymyny güýçlendirmek üçin ýöriteleşdirilen tehnologiýany ulanýar. Häzirki wagtda esasy mesele bu batareýalaryň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak bilen baglanyşykly.
Köp adam ýadro energiýasyny iri atom stansiýalary we radioaktiw galyndylar bilen baglanyşdyrýar. Emma betawoltalyk batareýalar bu düşünjäni üýtgedip biler.
“Biz indi kiçi we howpsuz ýadro batareýalaryny gündelik enjamlarda ulanyp bileris” diýip, Professor Su-Il In belleýär. Ol bu täze batareýalar hakynda 2025-nji ýylda geçiriljek Amerikan Himiki Jemgyýetiniň (ACS) maslahatynda çykyş eder.Bu batareýalary nirede ulanyp bileris!
Elektronika – hiç haçan zarýady tükenmeýän telefonlar, noutbuklar we akylly sagatlar.
Lukmançylyk enjamlary – uzak ömürli peýsmekerler we implantlar.
Kosmos we goranyş – onlarça ýyl zarýadsyz işlejek emeli hemralar we dronlar.
Akylly şäherler we ekologik sensorlar – uzak möhletleýin işlejek ekologiýa monitoring ulgamlary.
Bu tehnologiýa geljegiň energiýa çeşmesi bolup bilse-de, käbir kynçylyklar bar. Radioaktiw materiallaryň köpçülikleýin ulanylyşy tertipleşdirilmeli, adamlar ýadro energiýasynyň howpsuzdygyna ynanmaly, batareýanyň güýji güýçli enjamlara ýeterlik bolmaly.
Eger bu batareýalar üstünlikli işe girizilse, olar zarýad bermegiň zerurlygyny aradan aýryp biler. Şeýle-de olar elektron galyndylary azaldyp, has arassa we uzak wagtlap işleýän energiýa çeşmesine öwrülip biler.
Yslam Halmuhammedow
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler