Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygy ösdürilýär

26-njy martda Ýerewanda, Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu sapar bilimiň innowasion nusgalaryny öwrenmäge, tejribe alyşmaga we geljekki hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleri gözlemäge gönükdirilendir. Ilki bilen, «TUMO» kreatiw tehnologiýalar merkezine barlanyldy. Bu merkez 12–18 ýaş aralygyndaky ýetginjekler üçin tölegsiz goşmaça bilimde sanly başarnyklary ösdürmäge we geljege niýetlenilen ugurlarda ýaşlary taýýarlamaga gönükdirilen özboluşly nusgasy bilen meşhurdyr. Merkeziň işi animasiýa, oýunlary işläp taýýarlamak, web işläp taýýarlamalar, programma düzmek, robottehnika we STEM (ylym, tehnologiýalar, inženeriýa, matematika) ulgamlary boýunça sapakdan daşary okatmaga gönükdirilendir. Maksatnamalar özbaşdak öwrenmek we ussatlyk sapaklary arkaly ýaşlaryň okuw ugurlaryny özbaşdak saýlamagyna mümkinçilik berýär.

Türkmen tarapy, ýaşlary sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk taýýarlamak babatda bu çemeleşmä gyzyklanma bildirdi. Şeýle maksatnamalara uýgunlaşmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplaryň maslahatlaşmalarynda bilime, zähmet bazarynyň talaplaryna we hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu çemeleşmeler hünär bilimini özgertmek üçin Türkmenistan üçin esas bolup biler.

Geçirilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Ermenistanyň bilim edaralarynyň arasynda, aýratyn-da, inženerçilik barlaglar we ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin hünärmenleri taýýarlamak babatda täze aragatnaşyklar we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri açdy. Bu ýagdaý bilim ulgamlarynyň özara bähbitli ösüşine goşant goşmak arkaly ýurtlar arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitýär.

Gülnara Saparmämmedowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

Döwlet lukmançylyk uniwersitiniň Farmakologiýa kafedarasynyň
uly mugallymy lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok