Maýa goýum diýmek bilen peýda gazanmak maksady bilen öňden bar bolan serişdeleri ulanmaklyga bermeklige düşünilýär. Maýa goýumlary goýmagyň we daşary döwletlerden çekmegiň netijesinde islendik döwletde jemi içerki önüminiň artmagyna uly mümkinçilik döredilýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe tutuş dünýä ýüzünde maýa goýum syýasatyna uly üns berilýär. Ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşi belli bir derejede goýulýan we daşary döwletlerden çekilýän maýa goýumlarynyň mukdaryna baglydyr. Şonuň üçin hem üçin döwletde goýulýan maýa goýumlarynyň ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanda maýa goýum syýasaty uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty ilatyň ýaşaýyş durmuş şertlerini, maddy hal ýagdaýyny gowulandyrmaga, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary depginli ösüşleriň üpjün edilmegine, ähli ugurlarda işleriň ilerlemegine ýardam berýär. Gönükdirilýän maýa goýumlar türkmen halkynyň asuda, abadan durmuşda bolelin, erkana ýaşamagyna gönükdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasasty we parasatly baştutanlygy esasynda maýa goýum syýasaty giňden dabaralanýar. Bu babatda birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edilýär.
Ata Watanymyzda dowam edýän “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” çekiljek maýa goýumlaryň möçberini 11.5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçilik taslamalaryna gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Ýylyň-ýylna maýa goýumlary çekmek üçin ýurdumyzda amatly şertler döredilýär. Maýa goýum syýasatynyň netijesinde birnäçe önüm öndüriji kärhanalar döredilýär. Bar bolan kärhanalarda önümleriň hili ýokarlanyp, önümçilik giňeldilýär.
Häzirki wagtda Diýarymyzda saglygy goraýyşda, ylym we bilim pudaklarynda uly möçberli maýa goýumlary goýulýar. Bu ugurlarda daşary ýurt maýa goýumlaryny peýdalanmak bilmek daşary ýurt tejribeleri hem ýurdumyzda ornaşdyrylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, innowasion tehnologiýalar ähli pudaklarda giň gerime eýe bolýar.
Watanymyzda halkymyzyň hal ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen oňyn maýa goýum syýasatynyň dabaralanmagyna giň şertlerdir mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlygymyzy bildiresimiz gelýär!
Kuwwatgeldi DAŇŇYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler