Türkmenistanda maýa goýumlaryň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli pudaklarda giň gerimli özgerişlere badalga berilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda maýa goýumlaryny goýmaklyga uly ähmiýet berilýär. Maýa goýumlar diýlip telekeçiligiň we beýleki işleriň obýektlerine goýlan we şol goýlan obýektler esasynda girdeji gazanylýan maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryň ähli görnüşlerine düşünilýär.

Eýsem, maýa goýumlaryny goýmagyň ähmiýeti näme? Pudaklarda maýa goýumlary goýmak bilen peýda gazanylýar. Ýurdumyz özüniň tebigy baýlary bilen dünýä döwletleriniň üns merkezinde durýar. Şol sebäpli-de daşary ýurt maýadarlary Türkmenistan bilen maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gyzyklanýarlar. Maýa goýumlary goýmak we ýurdumyza çekmek bilen baglanyşykly forumlar, ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär, sergiler gurnalýar. Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine giň ýol açylýar.

Ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny amala aşyrmak üçin birnäçe kanunlardyr maksatnamalardan ugur alynýar. Geçirilýän forumlarda we sergilerde ulag, önümçilik, senagat, hojalyk we beýleki pudaklarda ileri tutulýan taslamalar hödürlenilýär.  Durmuşa ornaşdyrylýan maýa goýum maksatnamalary ykdysady taýdan bähbitlidir. Maýa goýumlar ýurdumyzyň ýokary derejede ösmegi üçin gönükdirilendir.

Maýa goýum maksatnamasynyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň hususy telekeçileri üçin hem iňňän ähmiýetlidir. Döwrebap innowasion tehnologiýalary ýurdumyzyň ykdysadyýetine ornaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa we howpsuz azyk önümlerini, bäsdeşlige ukyply harytlary dünýä bazarlaryna çykarmak, öndürilýän önümleriň hilini has hem ýokarlandyrmak maýa goýum syýasatynyň özeni bolup durýar.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda maýa goýum maksatnamasyny giňden milli ykdysadyýetimize ornaşdyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys! Goý, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny ösdürmekde edýän atalyk aladalary ugruna bolsun!

Azat ÝAZDURDYÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok