Türkmen-Gruzin saglygy goraýyş hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow 24-nji martda Tbiliside Gruziýanyň eýelenen çäklerinden mejbury göçürilen adamlaryň işleri, zähmet, saglygy goraýyş we durmuş goraglylygy boýunça ministri Mihail Sarjweladze bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, gepleşikler saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Duşuşykda taraplar saglygy goraýyş pudagynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini, şol sanda lukmançylyk uniwersitetleriniň arasynda hünär alyşmalary geçirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, bilelikdäki hünär bilimleri boýunça maslahatlar, okuw seminarlary we forumlary gurnamak meselesinde hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.

Şeýle hem gepleşiklerde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň saparynyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Ilçi Döwletmyrat Seýitmämmedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara çäreler barada maglumat berdi. Ol şeýle hem 21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamany goldandygy üçin Gruziýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar bu başlangyçlaryň türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Gülnara Saparmämmedowa,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Farmakologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy,
Lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok