Sebitleriň arasyndaky ulag geçelgeleri diňe bir ýol-ulag infrastrukturasy bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrýan esasy gurallaryň biridir. Merkezi we Günorta Aziýa sebitleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň geçýän ugrunda ýerleşip, häzirki döwürde hem söwda, energetika we logistika hyzmatdaşlygynyň möhüm merkezleri hökmünde çykyş edýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary—Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan—Günorta Aziýa bilen has işjeň gatnşyk saklamak arkaly öz ykdysady mümkinçiliklerini giňeldýärler. Günorta Aziýanyň, esasan hem, Hindistanyň, Pakistanyň we Owganystanyň uly bazarlary Merkezi Aziýa önümleri üçin uly isleg döretýär. Şonuň üçin ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi söwdanyň, maýa goýumlaryň we sanly integrasiýanyň ösüşini çaltlandyrýar.
Türkmenistan geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi bilen bu hyzmatdaşlykda möhüm rol oýnaýar. Ýurdumyz Hazar deňzi arkaly Kawkaz we Ýewropa bazarlaryna, günorta ugurda bolsa Eýran, Owganystan we Pakistan arkaly Hindi ummanyna çykmagy maksat edinýär. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty, Lapis Lazuli geçelgesi, şeýle-de Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana uzap gidýän ulag taslamalary sebitara integrasiýanyň esasyny düzýär.
Ýurt Baştutanymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen, awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny ulanmak esasynda, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça ulag ulgamyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu babatda Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropa yklymynyň demirgazygyndan Hindi ummanyna çenli geografik taýdan örän uly giňişligi birleşdirmek baradaky tagallalar aýratyn ähmiýetlidir.
Muňa mysal edip, 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2024” atly 3-nji halkara maslahaty we sergisi aýratyn bellärliklidir. Bu çäre sebitde ulag mümkinçiliklerini ösdürmek, täze üstaşyr ugurlary döretmek we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda möhüm ädim boldy.
Ulag geçelgeleriniň çalt we durnukly ösmegi üçin döwrebap logistika tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Sanly ulag dolandyryş ulgamlary, gümrük işleriniň elektronlaşdyrylmagy, multimodal transport strategiýalarynyň ulanylmagy ulag ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa diňe bir ýük daşamalaryň tizleşmegine däl, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky haryt we hyzmat alyş-çalşygynyň artmagyna hem mümkinçilik döredýär.
Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi sebitleýin ykdysadyýetiň durnukly ösmegine ýardam berýär. Hususan-da, Türkmenistan öz strategik orny arkaly halkara üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek bilen, sebitleýin söwda gatnaşyklarynyň möhüm merkezi hökmünde çykyş edýär. Bu bolsa ýurtlaryň ykdysady ösüşine täsir edip, olaryň dünýä bazarlary bilen has işjeň baglanyşmagyna mümkinçilik döredýär.
Şatlyk AKMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler