Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bedenterbiýe we sportuň ösdürilmegi, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini üpjün etmek üçin uly mümkinçilikler açýar. Bedenterbiýe we sport ulgamynyň döwletimizde we jemgyýetimizde möhüm orny bardyr.

Şeýle-de durmuşa geçirilýän maksatnamalar innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribe ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Milli Liderimiz ýaşlara: “Beýik maksatlara diňe oýlanyşykly we döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, üstünliklere bolan ynam bilen ýetip bolar” diýip, ýol görkezýär.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy düýpli özgerdi. “Saglyk” döwlet maksatnamasy milletimiziň saglygyny berkitmäge ýardam edýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap saglygy goraýyş we sport desgalarynyň açylmagy, halkymyzyň saglygyny we sporta bolan uly ünsüni görkezýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýaşlary watançylyk we belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, beden taýdan sagdyn ýaş nesilleri ýetişdirmek we sporta höweslendirmek möhüm ugur bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Patologik
fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok