Ekologiýa tebigatyň we onuň içinde bolup geçýän prosesleriň öwrenilýän ylmy bolup, tebigy baýlyklaryň goralmagyny hem-de daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri dünýäde möhüm orun eýeleýär.
Esasy ekologiýa meseleleriniň biri howanyň hapalanmagydyr. Uglewodorod ýangyçlarynyň ýakylmagy, senagat zyňyndylary we ulag serişdeleriniň köpelmegi netijesinde atmosfera kömürturşy gazynyň (CO₂) möçberi artýar. Bu bolsa howanyň we klimat üýtgemelerine sebäp bolýar.
Ýene-de bir möhüm mesele – suw serişdeleriniň hapalanmagydyr. Şeýle hem tokaýlaryň kesilmegi ekologiýa deňagramlylygyna ýaramaz täsir edýär. Tokaýlar kislorod öndürmek bilen birlikde, topragy eroziýadan goraýar we köp jandarlaryň ýaşaýyş ýeri bolup durýar.
Daşky gurşawy goramak üçin her bir adam öz goşandyny goşup biler. Ilkinji nobatda, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak zerurdyr. Suwy, elektrik energiýasyny we ýangyjy tygşytlamak, plastik önümleri ulanmagy azaltmak ekologiýa üçin uly ähmiýete eýedir.
Ekologiýany goramak diňe bir döwlet guramalarynyň däl, eýsem, ähli adamlaryň jogapkärçiligidir. Tebigatyň deňagramlylygyny saklamak we geljek nesiller üçin arassa gurşawy üpjün etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şeýlelikde, daşky gurşawa aýawly çemeleşip, ekologiýa meseleleriniň öňüni almak ugrunda bilelikde hereket etmeli.
Haltäç ATABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Medisina
ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyñ mugallymy.
Teswirler