Döwrebap bilim — mizemez binýat

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, bilim ulgamy hem günsaýyn kämilleşdirilýär. Sagdyn, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesli terbiýelemek döwletimiziň bilim syýasatynyň esasyny düzýär. Munuň üçin döwletimizde döredilýän döwrebap şertler mekdep mugallymlarynyň işleriniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýaşlara ösen döwrüň talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde mugallymlar özleriniň hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Olar okatmagyň dünýä ülňülerine laýyk usullaryndan, innowasion tehnologiýalardan, interaktiw tagtalardan, dürli multimediýa okuw-tehniki serişdelerinden, internet ulgamyndan, elektron kitaplardan netijeli peýdalanýarlar. Ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermegiň usullaryny kämilleşdirmekde bilim işgärleriniň her ýylyň başynda geçirilmegi däbe öwrülen usuly-amaly okuwlary we maslahatlary möhüm ähmiýetli çäreleriň biri hasaplanýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy giň gerimde ösdürilýär. Bilim ojaklary häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylýar, ylmy-barlag işleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda döwletimizde giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle-de, talyplaryň halkara ders bäsleşiklerinde üstünlik gazanmagy, ylmy işleriň bäsleşiklerine gatnaşmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary netijeliligini görkezýär.

Ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça islendik başlangyçlary amala aşyrmaga zerur şertler döredildi. Ýaşlaryň ylmy işlere çekilmegine ýokary okuw mekdeplerinde aýratyn üns berilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň esasynda ylmy gözlegler bilen meşgullanýan ýaş alymlaryň hatary barha artýar. Orta mekdeplerde okuwçylara daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin dürli maglumatlar gory döredilýär. Onuň wajyplygy häzirki zaman bilim beriş işiniň aýratynlyklary bilen şertlendirilýär. Bu bolsa jemgyýetçilik ýaşaýşynyň ähli ulgamlarynda işjeň innowasiýalaryň durmuşa geçirilýändigi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu ýagdaý ýaşlaryň bilim almagyna höwesi döredip, durmuşy we jemgyýetçilik ähmiýetli bäsleşige ukyply ýaşlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Gülnar ANNAMYRADOWA,

Aşgabat şäheriniň 126-njy orta
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok