Türkmenistan – Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýurdy

Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde tanalýar. Halkyň beden we ruhy saglygyny berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreler, sporta berilýän ýokary üns, şeýle hem medeni we ruhy gymmatlyklara aýratyn sarpa türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini üpjün edýär.

Şol sebäpden Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilip, döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri we dermanhanalar gurlup ulanylmaga berilýär. Derman senagaty ösdürilip, ilatyň saglygyny goramak üçin ýokary hilli dermanlar we witaminler bilen üpjünçilik ýola goýulýar.

Şeýle hem, sporta giň ýol açylyp, ähli ýaşdaky adamlaryň sagdyn beden terbiýesini almagy üçin amatly şertler döredilýär.

Döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ornaşdyrylmagy bilen, Türkmenistan öz raýatlarynyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Şeýlelikde, ýurdumyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýä ýüzünde özboluşly ornuny saklamaga dowam edýär.

Ogulgeldi Annaýewa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok