Türkmenistan Pekindäki ykdysady sergä çagyryldy

Hytaýyň Halkara söwdanyň ösüşine ýardam bermek komitetiniň başlygynyň orunbasary we Hytaýyň Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun türkmen tarapyny şu ýylyň iýul aýynda Pekinde geçiriljek halkara ykdysady sergä gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyk 18-nji martda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly forumyň çäklerinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Ýuý Szýanlun Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, bu gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini nygtady. Hususan-da, söwda we oba hojalyk ulgamlarynyň hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenýändigi aýan edildi.

Şeýle-de, Ýuý Szýanlun Hytaýyň ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri döretmek bilen, nebitgaz pudagy, serhetüsti elektron söwda we elektroenergetika ulgamlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de maýa goýumlary artdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Ol iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 10,6 milliard dollara ýetdi. Esasan hem, turbageçiriji arkaly iberilýän tebigy gaz Türkmenistanyň eksportynda esasy orny eýeledi.

Hudaýnazar Öwezow,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Harby meýdan hirurgiýasy kafedrasynyñ assistenti.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok