Sagdyn durmuş ýörelgesi

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek adam saglygynyň berk bolmagyna we ömrüň uzak dowam etmegine uly täsir edýär. Zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak, dogry iýmitlenmek hem-de arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek sagdyn durmuşyň esasy düzgünleridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetde ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz bu meselä aýratyn ähmiýet berip: “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr” diýip belleýär. Munuň özi ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň berkidilmeginiň we halkyň saglygynyň esasy gymmatlyk hökmünde kesgitlenmeginiň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn üns bermegi bilen, türkmen ýaşlary bu ugurda belent sepgitlere ýetmegi maksat edinýär. Döwlet derejesinde alnyp barylýan bu işleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmekde we dünýä ýüzüne tanatmakda alyp barýan işleri üstünliklere beslensin!

Haltäç ATABAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok