«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi

Paýtagtymyzda geçirilen  «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar»   atly halkara forumy, hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen guraldy. Foruma Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, halkara guramalaryň wekilleri we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we döwletiň we hususy bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik döretdi.

Türkmenistanda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen daşary ýurtly maýadarlara amatly şertler döredilýär. Bu çäre ýurduň ykdysadyýetini has pugtalandyryp, telekeçiligi ösdürmek we kiçi-orta telekeçilige goldaw bermek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrylýar. Forumda «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum maksatnamasy» bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu maksatnamalar, telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegine, hususy pudagyň giňelmegine we ýurduň bazar gatnaşyklaryna geçmegine kömek eder.

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok