Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşiniň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Belgiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Willem van de Waal arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga, şeýle hem Ýewropanyň daşary aragatnaşyklar gullugynyň Gündogar Ýewropa, Russiýa, Merkezi Aziýa we ÝHHG ýurtlary boýunça dolandyryjy direktory Mihael Zibert gatnaşdy.

Häzirki wagtda Belgiýa Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşine başlyklyk edýär.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terhi Hakala bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jennet AKGAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok