Tükmenistan we Türkiýe ykdysady gatnaşyklary ösdürilýär

Türkmenistan bilen Türkiýe energetika pudagynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli tebigy gazyň eksport möçberini 1,3 milliard kubmetre ýetirmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Türkmenistanyň resmi metbugatyna beren interwýusynda belläp geçdi.


Ministr häzirki hereket edýän ylalaşygyň möhletini uzaltmak we täze energetika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi bilen, 1,5 million hojalygyň zerurlyklarynyň üpjün edilendigini nygtady.

Baýraktaryň bellemegine görä, tebigy gaz iberilmegi Hazar deňzi arkaly hem amala aşyrylýar we bu ugur geljekde has-da ösdüriler. Şonuň bilen birlikde, täze energiýa torlaryny we geçiriş ulgamlaryny gurmak baradaky mümkinçilikler hem ara alnyp maslahatlaşylýar. 2025-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň geçirilmegine garaşylýar. Bu duşuşygyň netijesinde taraplaryň energetika pudagynda täze ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirilýär.

Şemşat ÇARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok