Ýe­ral­ma eki­şi dep­gin­li bar­ýar

Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da 9 müň 200 gek­tar­ meýdanda ýaz­lyk ýe­ral­ma­ny ýe­tiş­dir­me­gi me­ýil­leş­di­ren Ahal we­la­ýa­tynyň zäh­met­sö­ýer daý­han­la­ry eki­şe taý­ýar­lyk­ly gi­ri­şip, ony dep­gin­li alyp bar­ýar­lar. Ýörite saýlanyp alnan ýerlerde bu önümiň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän görnüşleri ekilýär. Agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi, suw tutmagyň, mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmegiň talabalaýyk ýola goýulmagy hasyl ussatlaryna ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berer.

Bahar paslynyň ilkinji günlerinde guramaçylykly başlanan ekiş işlerinde mehanizatorlar ýokary işjeňlik görkezýärler. Önümçilik birleşiginiň ussahanalarynda tehnikalardyr enjamlaryň irki möhletlerde taýýarlanyp goýulmagy ýazky ýeralma ekişiniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegine ýardam edýär.

Ge­çen ýyl­ ýe­ral­ma ýetişdirmekde görelde görkezen Ka­ka, Ak bug­daý, Bä­her­den we Gök­de­pe et­rap­la­ry­nyň eke­ran­çy­la­ry hä­zir­ki jo­gap­kär­li möw­süm­de-de ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Ag­za­lan et­rap­lar­da ýö­ri­te­leş­di­ri­len kä­mil teh­ni­ka­lar­dyr gu­ral­la­ryň hyz­ma­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ýar. Ýe­ral­ma ýe­tiş­dir­me­giň döw­re­bap usul­la­ryny ulan­mak­da we dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş ul­ga­my­ny giň­den or­naş­dyr­mak­da Ka­ka et­ra­by­nyň ho­ja­lyk­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler has-da gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Et­ra­byň «Eder­men pag­ta­çy» daý­han ho­ja­ly­gyn­da 100 gek­tar meý­dan­da dam­ja­la­ýyn su­wa­ryş ul­ga­my giň­den or­naş­dy­ryl­ýar. Üs­tü­miz­dä­ki şan­ly ýyl­da bu ho­ja­lyk­da ýe­ral­ma­nyň Ni­der­land­lar­dan ge­ti­ri­len to­hu­my ekil­ýär.

Milli ykdysadyýetimizde ähmiýetli orny eýeleýän oba hojalyk pudagynda işleriň üstünlikli alnyp barylmagyna giň ýol açýan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döredýän daýhanlary hemmetaraplaýyn goldaýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Dörtguly ANNAMYRADOW,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok