Tudananyň peýdasy

Il içinde gowy görlüp iýilýän, esasan-da, çagalaryň söýgüli nygmaty bolan tudana diňe bir süýji tagamy bilen däl, eýsem, saglyga peýdasy bilen hem tanalýar. Ol, köplenç, buzgaýmaklara we süýjülik tortlaryna tagam bermekde, dürli şerbetleri taýýarlamakda ulanylýar. Tudana düzüminde birnäçe witaminleri we minerallary saklaýandygy üçin iň oňat miweleriň biri hasaplanýar. Onuň düzüminde glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, efir ýagy, C, E, K, PP witaminleri, B witaminler toplumy we karotin bar. Şeýle-de, ol düzüminde kalsiý, natriý, magniý, fosfor, kaliý, sink, mis we demir ýaly ýokumlary saklaýar. Tudana dürli keselleri bejermekde peýdaly miwedir.

Tudana A, C, E, K we PP witaminleri bilen baý bolup, kaliý, demir, fosfor, kalsiý, natriý, magniý, sink, mis we demir ýaly elementleri saklaýar. Şeýle hem, onuň düzümindäki glýukoza, fruktoza, organiki kislotalar, efir ýagy we karotin saglyk üçin möhüm birleşmelerdir. Tudana C witamininiň köpdügi sebäpli, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny güýçlendirýär, demir bilen bolsa ganyň emele gelmegine kömek edip, gan azlygyny bejermäge ýardam edýär.

Antioksidantlar bilen baý bolan tudana ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar we öýken saglygyny goldaýar. Aşgazan we içege saglygyna oňyn täsir edip, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrýar. Tudana deriniň ýaş we sagdyn görünmegini goldap, saçlaryň berkleşmegine kömek edýär. Şeýle-de, ol öthaltanyň ýollarynyň näsazlygynda we garyn-içege kesellerinde peýdalydyr.

Tudana üsgülewükde, öýken kesellerinde, bronhitde we böwrek näsazlyklarynda hem şypaly bolup, maddalaryň çalyşmasynyň näsazlygynda, ýag ýygnamakda, ýürek-damar ulgamynyň kesellerinde peýdalanylýar. Onuň düzümindäki fosfor göwreli zenanlar, talyplar we ylym bilen meşgullanýanlar üçin tapylgysyz nygmatdyr. Alymlaryň bellemeklerine görä, öňümizdäki ýyllarda lukmançylykda, derman önümçiliginde tut ýapragyna bolan islegiň barha artmagyna garaşylýar.

Gowşut SÖHBEDOW,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok