Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2025-nji ýylyň 25-nji martynda hem-de 13-nji maýynda 2025 – 2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!
Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar okuw mekdebi, şeýle hem ýurdumyzyň ylym-bilim, atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana we muzeý binasy, açyk we ýapyk manežleri, athana, sport toplumynyň işi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.
Ýokary okuw mekdebiniň salgysy: Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şaýolunyň 30-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +9912572434, +99312572407.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.
«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgyda sagat 15:00-da başlanýar.
Teswirler