Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda, öňe sürýän halkara başlangyçlarynda we parasatly pikirlerinde ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga, bu ugurda ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmaga we kanunçylygy berkitmäge aýratyn üns berýär.
Ekologik düşünje we tebigata söýgi ýaş nesillerde çaga döwründen kemala gelýär. Ýaşlarda tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna hormat goýmak we aýawly çemeleşmek ýörelgelerinde terbiýe bermek, ekologik medeniýeti ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň ileri tutýan esasy ugurlaryndandyr. Häzirki wagtda ekologiýa meseleleri giňişlikde möhüm orun tutýar, bu meseleleri düýpli öwrenmek, seljerip, netijeli çözgüt tapmak talap edilýär. Ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary öwrenmek, ekologik taýdan sowatly çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolup, arassa tebigat halkyň saglygy üçin möhümdir.
Ýaşlaryň ekologik çärelere işjeň gatnaşmagy möhüm bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda bag ekişlik möwsümine badalga berildi we ýaşlar bu asylly çärä işjeň gatnaşýarlar. Ekilen baglar ösüp, tebigatyň howa sazlaşygyny we ekologiýa goragyny güýçlendirer. Her bir ýaş nesliň bu çärä gatnaşmagy olaryň ýüreklerinde buýsanç döredýär, sebäbi tebigat biziň ýaşaýyş gurşawymyzdyr. Adam bilen tebigatyň arasyndaky hormat goýmak, goramak we aýawly çemeleşmek ýaly ýörelgeler ekologik medeniýetiň kemala gelmegine esas bolýar.
Türkmenistanyň tebigatyny goramak we baýlyklaryny rejeli ulanmak boýunça möhüm kanunlar amala aşyrylýar. “Tebigaty goramak hakynda”, ” ýaly kanunlar ekologik gorag babatynda uly ähmiýete eýe. Daşky gurşawy goramak ählumumy mesele bolup, her bir raýat bu meselede jogapkärli çemeleşmeli.
Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda Arkadagly Serdarymyza ýerine ýetiren tagallalary üçin çäksiz minnetdarlyk bildirýäris.
Annabaýram ŞAMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we
gigiýena kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Teswirler