Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2025 — 2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýurdumyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, harby gullugy tamamlaýan esgerleri hem-de hünärsiz raýatlary we ýaşlary 2025-nji ýylyň 5-nji, 19-njy aprelinde we 3-nji maýynda geçiriljek «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar.
«Açyk gapylar» gününe gatnaşýanlara orta hünär okuw mekdebinde okadylýan hünär ugurlary, nazaryýet-önümçilik okuwlarynyň guralyşy we geçirilişi, okuw-terbiýeçilik işleri, okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler üçin soralýan resminamalar, okuw sapaklaryndan daşary alnyp barylýan köpçülikleýin medeni we sport çäreleri hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.
«Açyk gapylar» güni orta hünär okuw mekdebiniň birinji binasynda sagat 10:00-da geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýolunyň 10-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312)28-14-56, 28-20-04, 28-07-74.
Teswirler