Artykmaç beden agramynyň sebäpleri we öňüni alyş çäreler

Artykmaç beden agramy häzirki wagtda diňe bir daşky görnüş bilen baglanyşykly mesele däl-de, eýsem saglyga howp salýan ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Adam bedenindäki aşa artyk agram ýürek-damar keselleriniň, süýji keseliniň we beýleki saglyk kynçylyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Şonuň üçin, bu ýagdaýyň sebäplerine düşünmek we ony ýeňip geçmegiň ýollaryny öwrenmek möhümdir.

Artykmaç beden agramynyň sebäpleri:

Nädogry iýmitlenmek

Ýokary kaloriýaly, ýagly we gaýtadan işlenen azyk önümlerini köp ulanmak bedende aşa ýagyň ýygnanmagyna sebäp bolýar. Süýji içgiler, çörek-bulka önümleri we çalt taýýarlanylýan iýmitler hem artykmaç agramyň esasy sebäpleriniň biridir.

Hereket azlygy

Fiziki işjeňligiň pes bolmagy bedende toplanýan kaloriýanyň ýakylmazlygyna getirýär. Kompýuter ýa-da telewizoryň öňünde uzak wagtlap oturmak, ýeterlik derejede hereket etmezlik semizlige sebäp bolýar.

Genetiki faktorlar

Käbir adamlar maşgalasynda semizlik meselesi bilen bagly genetiki aýratynlyklara eýedirler. Bedeniň metabolizminiň haýal işlemegi ýa-da toplanýan ýagyň bedenden çykmagynyň kynlaşmagy genetiki sebäplere bagly bolup biler.

Stres we psihologik faktorlar

Käbir adamlar stresli we dartgynly ýagdaýlarda özlerini rahatlandyrmak üçin köp iýmit iýýärler. Psihologik basyş artykmaç kaloriýa kabul edilmegine sebäp bolup, wagt geçdikçe bedende agramyň artmagyna getirýär.

Artykmaç agramyň öňüni almak üçin maslahatlar

Günlük iýmit düzüminde witaminlere, mineral maddalara we süýümli önümlere baý azyklar bolmalydyr. Ýagly we süýji önümleri çäklendirip, gök önümleri, miweleri we proteine baý iýmitleri kabul etmek has peýdalydyr. Günde azyndan 30-40 minut pyýada ýöremek, sport bilen meşgullanmak we beden maşklaryny ýerine ýetirmek semizligiň öňüni almaga kömek eder. Suw bedeniň kadaly işlemegini üpjün edýär we artykmaç agramyň öňüni almaga ýardam edýär. Günde azyndan 1,5-2 litr arassa suw içmek maslahat berilýär. Düşnüksiz iýmitlenmekden gaça durmak üçin stres dolandyryş usullaryny ulanmak möhümdir. Meditasiýa, dynç almak we özüňi oňyn pikirlenmäge öwretmek bu meselede kömek edip biler. Lukmançylyk barlaglaryny yzygiderli geçmek, bedeniň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaga kömek eder. Bedendäki artykmaç agram bilen baglanyşykly kynçylyklar ýüze çykan ýagdaýynda, hünärmen bilen maslahatlaşmak maslahat berilýär.

Artykmaç beden agramy diňe bir daşky görnüşe täsir etmän, eýsem adam saglygy üçin howply ýagdaýlary döredip biler. Dogry iýmitlenmek, hereketi artdyrmak, stresden gaça durmak we kadaly saglyk gözegçiligini ýola goýmak semizlik bilen göreşmegiň iň täsirli usullarydyr. Bu çäreleri durmuşa geçirmek arkaly her kim öz saglygyny gorap saklap, uzak we sagdyn ömür sürüp biler.

Orazgül  REJEPOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň İýmit gigiýenasy
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Thermodynamics

Simple - mass energy balance: energy in - energy out= energy stored. Iýen iýmitiň - eden hereketiň (ýakan energiýaň) = ýakylman galan iýmit, ýagny ýag. Iýdiňmi- diýmek köpräk hereket etmeli.