Türkmenistan üçin daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamak we ylmy gözlegleri ilerletmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini gözlemek halklaryň ösüşine we aragatnaşygynyň pugtalanmagyna hyzmat edýär.
Türkmenistan bilen Rumyniýanyň bilim we ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň ösýär. Muňa dürli derejede geçirilýän duşuşyklar we gol çekilen ylalaşyklar şaýatlyk edýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Orazdurdyýew 2025–2026-njy okuw ýylynda türkmen ýaşlaryny Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ibermek baradaky hasabatynda hem bu gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi.
Türkmen ýaşlary maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş, pedagogika, oba hojalygy, inženerçilik, tehnologiýalar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça Rumyniýada bilim alarlar.
Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň abraýly halkara okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Şeýle hem, bu çäreleriň milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge ýardam berýändigini belläp, degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Teswirler