Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Türkmenistanda oba hojalygynda innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Soňky ýyllarda oba hojalyk tehnikalary sanly telematik ulgamlara geçirilip, dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary satyn alynýar.
GPS ulgamy bilen enjamlaşdyrylan «akylly» traktorlar ekin ekiş işlerini awtomatlaşdyryp, suwaryş ulgamynda «akylly» sensorlar suwuň zerur möçberini kesgitleýär. Şeýle-de, dronlar we sanly gözegçilik ulgamlary ekinleriň we mallaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Oba hojalygyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçilikde ýitgileri azaltmaga, ekinleriň suwlama, dermanlama we hasyl ýygnamak işlerini awtomatlaşdyrmaga kömek edýär. Maldarçylykda bolsa sanly ulgamlaryň ulanylmagy gözegçiligi we dolandyryşy ýeňilleşdirýär.
Türkmenistanda oba hojalygy döwlet tarapyndan giň goldawa eýe bolup, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalara, mineral dökün zawodlaryna we suwaryş ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdirilýär. Daýhanlar döwrebap tehnikalar we serişdeler bilen üpjün edilýär.
Sanly innowasiýalar oba hojalygynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýalňyşlyklary azaltmaga we harajatlary tygşytlamaga şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleri pudagyň geljegini täze ösüşlere gönükdirýär.
Sapargül RUSTAMBAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler