Ýaňy ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Innowasion ykdysady taslamalaryň Startup bäsleşiginiň” jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşige gatnaşan taslamalar birnäçe esasy kriteriýalar boýunça seljerildi. Eminler topary bazar we isleg, önüm, işewürlik modeli, toparyň düzüm birlikleri, maliýe we maýa goýum mümkinçilikleri, tehnologiýalaryň ösüşi, hukuk meseleleri, töwekgelçilikler hem-de taslamanyň giňeldilip bilinmegi ýaly ugurlara baha berdiler.
Bäsleşigiň saýlama tapgyryna jemi 61 taslama gatnaşdy. Olaryň içinden 14 taslama jemleýji tapgyra çykmaga mümkinçilik aldy. Netijede, iň ýokary baha mynasyp bolan 9 taslama baýrakly orunlary eýeledi.
Ýeňiji taslamalar:
I – Rejepow Täçmyrat — “Pile önümçiliginiň döwrebap infrastrukturasyny emele getirmek”;
I – Hommadowa Mähri — “Ekoferma – oba hojalygynyň geljegi”;
II – Abaýew Ymamhasan — “Ynamly kömek” hyzmatlaryň sanly platformasy;
II – Bäşimowa Şirin, Myradalyýewa Selbi — “Sanly aýna”;
II – Orazlyýewa Aýsoltan — “Glýutensiz” sanly saglyk platformasy;
III – Bazarowa Bilbil — Miweli baglary ösdürip ýetişdirmek;
III – Borjakowa Arzuw — “Tiz tagam” gury tagamlary öndürýän kärhana;
III – Jumagulyýew Aşyr — “Tygşytly mebel”;
III – Ýazmyradow Gowşut, Rahimjanowa Selbi, Ilmyradowa Mähri — “Suw kadastrynyň GIS kartasy we ähmiýeti”
Finalist – Amanowa Uzuk, Hömmäýewa Gülşirin — “Duralga tablonyň taslamasy”;
Finalist – Gyzylow Rahymberdi, Çaryýewa Rabiýa — “Sanly gorag”;
Finalist – Agylow Orazgeldi — “Mila” malina öndürýän kärhanasy;
Finalist – Hudaýberdiýew Ýaran, Hudaýberdiýew Batyr — “Innowasion Eko-rakowina tehnologiýasynyň döredilişi we ornaşdyrylyşy”
Sylapberdi ATABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet
fakultetiniň talyby.
Teswirler