20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň guramagynda çäre geçiriler

20-nji martda Moskwadaky “Remezan çadyrynda” Türkmenistanyň guramagynda çäre geçirilip, ol ýurduň medeniýetiniň we däp-dessurlarynyň muşdaklary üçin uly waka bolar.

Agşamky çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy hem-de Russiýanyň Müftiler geňeşiniň goldaw bermeginde geçiriler.

Çärä türkmen diasporasynyň wekilleriniň, diplomatlaryň, sungat we medeniýet işgärleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Agşamky çärede döredijilik toparlaryň çykyşlary, milli saz-gurallarynda çalynjak türkmen owazlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýeti we taryhyny beýan edýän wideo ýazgylaryň görkezilmegi meýilleşdirilýär.

Bu çäre Moskwanyň ýaşaýjylary we Russiýanyň paýtagtynyň myhmanlary üçin Türkmenistanyň däp-dessurlary we medeniýeti bilen tanyşmaga, şeýle hem halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ajaýyp mümkinçilik berer.

Ýeri gelende belläp geçsek, “Remezan çadyry” – bu her ýylky medeni we haýyr-sahawat çäresi bolup, ol Russiýa Federasiýasynyň Musulmanlaryň ruhany müdirliginiň goldawy bilen Moskwanyň Musulmanlaryň ruhany müdiriligi hem-de Moskwanyň hökümeti tarapyndan guralýar. Şu ýylky çäre Beýik Watançylyk urşundaky ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, “Hakyda wagtdan güýçli” diýen şygaryň astynda geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok