Günüň Hamal ýyldyzlar toplumyna girmegi bilen Nowruz, ýagny Täze ýylyň ilkinji güni başlanýar. Astrologik hasap boýunça Günüň Hamala girmegi bilen saýýaralaryň arasynda ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Beýik alym Biruny bu güni älem-jahanyň täzeden janlanyşy hasap edipdir. Nowruzda doglan çaga iň bagtly ynsan hasaplanypdyr. Öýkeleşenler ýaraşypdyr. Şol gün ýaş-juwanlary adaglamak, gelin almak, haýyrly işi başlamak oňuna bolupdyr. Dogan okaşanlar köpüň öňünde aýan edilipdir. Garaz, pederlerimiz: «Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli» diýen pähime gulluk edip, bu baýramy mümkin boldugyça oňat geçirmäge çalşypdyrlar. Nowruzda ene-mamalarymyz ýedi dürli, kähalatlarda her aýyň hormatyna on iki dürli tagam taýýarlap, toý saçagyny bezäpdirler.
Nowruz tagamlarynyň esasysy Äşe-Patmanyň aşy — semeni hasaplanýar. Onuň üçin ir bahardan ýaş bugdaý maýsalaryny ekip taýýarlapdyrlar. Maýsalar ösüp, bir serä ýetensoň, sokuda ýenjip köwzäpdirler. Ony sykyp, süýdüni alyp boş gazana guýupdyrlar. Soňra belli bir derejede un guýup, goýalyp, mele reňke girip taýyn bolýança gaýnadypdyrlar. Semeni gazanda ýedi-sekiz sagat gaýnadylýar. Ony yzygider bulap durmasaň, düýbüne ýelmeşse ajy kakýar. Semeni taýýar bolanda, «Äşe-Patmanyň ruhuna bagyşladyk» diýlip aýat okalyp, ertire çenli goýulýar. Ertir ir bilen her kim görmäge howlugýar. Çünki halk arasynda «Daň bilen semeniň ýüzünde Äşe-Patmanyň barmaklarynyň yzyny görüp, tagamdan ilkinji dadan sogap gazanýar» diýen yrym bar. Semeni mukaddes tagam hasaplanýar. Onuň mukaddesligi ony ilkinji gezek Patmanyň (pygamberimiziň gyzy) dadanlygydyr, bugdaýdan taýýarlanýandygydyr, pygamberiň aşy hasaplanýandygydyr. Şonuň üçin hem semenini taýýarlamak halal, abraýly maşgala ynanylypdyr. «Semeni iýen wagtyň dilän ähli arzuwlaryň hasyl bolýar» diýen yrym halk arasynda ýaşap gelýär.
Goý, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni her bir türkmen ojagyna bagt, rysgal-bereket, bagtyýarlyk getirsin! Halkymyzyň taryhyna sarpa goýup, şu gününi beýgeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Didar UMUROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler