Ýewropada ortaça ömür dowamlylygy 81,4 ýyl

Ýewropanyň Statistika Gullugy (Eurostat) – Ýewropa Bileleşi ýurtlarynda ortaça ömür dowamlylygy barada maglumatlary çap etdi. Maglumatlara görä, ÝB ýurtlarynda 2023-nji ýylda ortaça ömür dowamlylygy öňki ýyl bilen deňeşdirilende 0,8 ýyl uzalyp, 81,4 ýyla ýetdi. Şeýlelikde, ol COVID-19 pandemiýasynyň täsirinden çykyp, 2019-njy ýyldaky görkezijiden hem ýokary boldy.

2002-nji ýyl bilen deňeşdirilende, ortaça ömür dowamlylygy 3,8 ýyl uzaldy. Zenanlaryň ortaça ömri erkekleriňkiden 5,3 ýyl uzyn boldy. ÝB ýurtlarynda ortaça ömür dowamlylygy zenanlarda 84 ýyl, erkeklerde bolsa 78,7 ýyl diýlip hasaplanyldy.

Ýewropa Bileleşiginde iň uzak ortaça ömür dowamlylygy Ispaniýada 84 ýyl, Italiýada 83,5 ýyl, Luksemburg, Malta we Şwesiýada 83,4 ýyl, Fransiýada bolsa 83 ýyl boldy.

Germaniýada ortaça ömür dowamlylygy 81,1 ýyl hasaplanyp, iň pes görkezijiler Latwiýada 75,6 ýyl, Bulgariýada 75,8 ýyl, Rumyniýada bolsa 76,4 ýyl hökmünde bellendi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok