2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli guraljak sergi we maslahat çäklerinde geçiriljek IFT-2025, Türkmenistanyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak we döwlet hem-de hususy sektoryň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin möhüm mümkinçilik bolup durýar.
Foruma Russiýa, Täjigistan, Gyrgyzystan, Pakistan, Fransiýa, Türkiýe, Germaniýa, Gazagystan, Hytaý, Beýik Britaniýa, Estoniýa, ABŞ, Azerbaýjan, Ukraina, Owganystan, Niderlandlar, Belarus we Saud Arabystany Patyşalygy ýurtlardan wekiller jemlenip, şol bir wagtda dünýä derejesinde giňişleýin habar beriş gulluklary forumyň işini şöhlelendirer. Bu forumyň dünýä derejesindäki maýa goýum giňişligindäki ähmiýetini görkezýär.
Foruma gatnaşyjylara senagat, ulag, oba hojalyk, maglumat tehnologiýalary we beýleki pudaklardaky esasy taslamalar bilen tanyşmak, hususy işewürligi goldamak boýunça çäreler bilen gyzyklanmak, halkara we ýerli maýadarlar, maliýe institutlary hem-de işewürligiň wekilleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilik berler. Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň işewürlik wekilleri öz taslamalaryny maýadarlara we hyzmatdaşlara hödürlärler.
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler