Ýaňy ýakynda Aşgabatda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) täze iki taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Bu taslamalar pagtaçylykda innowasiýalary ornaşdyrmak we däneli ekinleriň goragyny güýçlendirmek maksadyny öz içine alýar.
Maslahata Oba hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de FAO-nyň wekilleri gatnaşdy.
Birinji taslama pagta önümçiliginde durnukly tehnologiýalary we howa şertlerine laýyk innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirildi. Gatnaşyjylar pagtaçylyk pudagynyň geljegi, bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işler we “Türkmenpagta” döwlet konserniniň orny barada pikir alyşdylar.
Ikinji taslama däneli ekinleri zyýankeşlerden goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Bu bolsa ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmäge ýardam eder. Maslahata gatnaşyjylar taslamalaryň maksatlary, olaryň oba hojalyk pudagyna uzakmöhletleýin täsiri we garaşylýan netijeleri boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistan FAO-nyň agzasy bolup, 1995-nji ýyldan bäri gurama bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. FAO oba hojalyk ministrlikleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek, statistiki maglumatlary kämilleşdirmek we ýurduň oba hojalyk ösüşini goldamak ugrunda möhüm işleri alyp barýar.
Bagtygül ÄRNAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler