Curtin uniwersitetiniň alymlary dünýäde bilinen iň gadymy meteorit kraterini ýüze çykardy. Bu açyş, Ýeriň emele gelmegi we ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky düşünjämizi düýpgöter üýtgedip biler.
Günbatar Awstraliýanyň North Pole Dome sebitinde geçirilen gözleglerde, 3,5 milliard ýyl ozalky äpet meteorit çaknyşygynyň yzlaryna gabat gelindi. Gözleg toparynyň agzasy, Curtin uniwersitetinden professor Tim Jonson bu tapyndynyň, Ýeriň irki döwrüne degişli käbir ylmy çaklamalary sorag astyna alandygyny aýtdy.
“Biziň açyşymyzdan öň bilinen iň gadymy çaknyşma krateri 2,2 milliard ýyllykdy. Bu täze tapyndy, açyk aratapawut bilen Ýerde tapylan iň köne krater hasaplanýar” – diýip, professor Jonson aýtdy.
Krateri anyklamaga kömek eden esasy subutnamalaryň biri bolsa, aýratyn gaýa gurluşlarydyr. Bu gaýalar diňe meteorit çaknyşygy ýaly güýçli basyş astynda emele gelýän minerallaryň aýratyn görnüşidir.
Krateriň ýerleşýän ýeri Günbatar Awstraliýanyň Pilbara sebitinde, Marble Bar şäherçesinden takmynan 40 kilometr günbatarda ýerleşýär. Alymlaryň pikiriçe, bu uly çaknyşyk, sagatda 36 müň kilometrden has ýokary tizlik bilen Ýere gelip uran meteorit tarapyndan emele gelipdir. Şeýle ululykdaky çaknyşyk, 100 kilometreden giň krater döredip, planetanyň dürli künjeklerine gaýa we tozan bölejiklerini ýaýradan bolmaly.
Alymlar şeýle çaknyşyklaryň, Ýeriň irki ekologik ulgamlaryna täsiri barada möhüm maglumatlary berýändigini şeýle-de kontinental ýer gatlaklarynyň emele gelmegine hem uly goşant goşan bolmagynyň mümkindigini belleýärler.
Myrat BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Teswirler