Gan aýlanyş ulgamy adam bedeninde maddalaryň, kislorodyň hem-de beýleki zerur elementleriň daşalmagyny üpjün edýän esasy ulgamdyr. Bu ulgamyň kadaly işlemegi bedeniň sagdynlygyna gönüden-göni täsir edýär. Eger-de gan aýlanyş ulgamy näsazlaşsa, dürli keselleriň ýüze çykmagy mümkindir. Olaryň iň esasylarynyň biri hem ganazlykdyr.
Ganazlyk adam bedeninde gemoglobiniň derejesiniň peselmegi bilen ýüze çykýan kesel bolup, onuň esasy sebäpleriniň biri hem talabalaýyk iýmitlenmezlikdir. Saglygy goramak üçin belok, witaminler we minerallar bilen baý iýmitleri kabul etmek zerurdyr. Dokumalaryň, öýjükleriň hem-de gan düzüminiň täzelenmegi üçin belok uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de, uglewodlar energiýa çeşmesi bolup, bedeniň kadaly işlemegine ýardam edýär.
Gan aýlanyş ulgamynyň sagdyn işlemegi üçin diňe dogry iýmitlenmek ýeterlik däl. Şonuň üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek möhümdir. Ilki bilen, kadaly uklamak saglyk üçin möhüm şertleriň biridir. Gije-gündiziň dowamynda ortaça sekiz sagat uklamak maslahat berilýär. Mundan başga-da, stresden we duýgy taýdan dartgynly ýagdaýlardan gaça durmak gan basyşynyň kadaly bolmagyna ýardam edýär. Uzak wagtlap hereket etmän oturmak hem ýürek-damar ulgamyna zyýan ýetirýär. Şonuň üçin her sagatdan ýerinden turup, ýeňil maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Şeýle-de, günüň dowamynda azyndan bäş kilometre golaý pyýada ýöremek dem alyş ulgamy we ýürek üçin örän peýdalydyr.
Gan aýlanyş ulgamy adamyň saglygynyň esasy sütünleriniň biridir. Onuň dogry işlemegi üçin sagdyn iýmitlenmeli, ýeterlik uklamaly, bedeniň işjeňligini saklamaly we lukmançylyk gözegçiliginden wagtly-wagtynda geçmeli. Saglygyň gadyryny bilmek we ony goramak üçin her bir adam jogapkärçilik çekmelidir.
Amandursun MÄLIKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler