Gurluşyk we senagat toplumy ösdürilýär

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanan ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasiýa arkaly diwersifikasiýa etmek boýunça giň möçberli işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ugurda gurluşyk senagatynyň önümçilik we ylmy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak hem-de olaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistany senagatlaşdyrmak we içerki bazary ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, täze kärhanalary gurmak we hereket edýän önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak üçin uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze senagat desgasynyň – Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklere beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda gurlan bu döwrebap kärhananyň açylyşyna gatnaşýanlary tüýs ýürekden gutlady.

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine uly itergi berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu pudagyň gurluşyk işlerini we ilaty ýokary hilli önümler bilen üpjün edýändigini nygtady. Şol bir wagtda, geljekde hem kabul edilen maksatnamalara laýyklykda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ösdüriljekdigini aýtdy.

Dursunjemal KADYROWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
50-nji orta mekdebiniň mugallymy. 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok