Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat doganlaşan şäherleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Aşgabadyň ilkinji dogan şäheri 1974-nji ýylda Mali Respublikasynyň paýtagty Bamako boldy. Munuň hormatyna bolsa Aşgabadyň köçeleriniň birine Afrikanyň bu şäheriniň ady dakyldy. 1990-njy ýylda bolsa, ABŞ-nyň Nýu-Meksiko ştatynyň paýtagty Albukerke Aşgabadyň nobatdaky dogan şäheri hökmünde yglan edildi.
Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy dostlukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim-ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Şeýlelik bilen 1994-nji ýylda Aşgabat bilen Ankara şäherleriniň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşygy ýola goýuldy.
Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite geňeşçisi 2014-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurduň paýtagtlaryna doganlaşan şäherler derejesini bermek barada teklip beripdi. Onuň sözlerine görä, Tokio iň uly ylym we bilim merkezi, Aşgabat bolsa dürli möhüm halkara çäreleriniň geçirilýän dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biridir. Iki döwletiň paýtagtlaryna bu derejäni bermek halklaryň arasyndaky dostlugyň we netijeli gatnaşyklaryň täze aýdyň nyşanyna öwrüldi. Aşgabadyň we Tokionyň doganlaşmak baradaky maksatnamasy, ýapon işewür toparlarynyň uzakmöhletleýin esasda Türkmenistan bilen iň ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak isleginiň ýene bir subutnamasy boldy.
Şeýle hem 2017-nji ýylda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri bilen şeýle gatnaşyklary ýola goýdy. Bular bilen birlikde, dürli ýyllarda ýola goýlan Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäheri, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheri, Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheri bilen doganlyk gatnaşyklary günsaýyn berkeýär. Häzirki döwürde daşary syýasatymyzyň ösdürilmegi netijesinde merjen şäherimiz Aşgabadyň doganlaşan şäherleriniň sany ýylsaýyn barha artýar.
Nurnazar AMANMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Teswirler