Dem alyş ulgamy — jan saglygyň açary

Adamzat ömründe we durmuşynda ähli zat dem almak bilen baglanyşykly bolup geçýär. Mysal üçin, gan düzümi, onuň hereketi, duýgularymyz we aň derejesiniň ösmegi dem alyş bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Şeýle-de, gepleşikde we aýdym aýdylan wagty dem alyş möhüm orun eýeleýär.

Dem alyş ulgamy bedeniň kislorod bilen üpjün edilmegini we kömürturşy gazynyň çykarylmagyny üpjün edýän möhüm ulgamlaryň biridir. Bu ulgam adamyň saglygyna we durmuş ukybyna gönüden-göni täsir edýär. Mysal üçin, burun boşlugy örän ýönekeý gurlan ýaly bolup görünse-de, oňa giren howanyň nähili özgerýändigini bilseňiz, onuň çylşyrymly gurluşyny has gowy düşünerdiňiz. Howa burundan giren badyna duýujy agzalara ugrukdyrylýar. Bu ýagdaýda, onuň geçiş ýoly uzalyp, burun boşlugynda saklanma wagty artýar. Burun boşlugy süňk boşluklarynyň çatrygynda ýerleşýär. Gan damarlary howa bilen ýylylygyny paýlaşyp, ony tiz ýyladýar, nemli örtük bolsa howany çyglandyrýar. Şeýle hem, ýörite öýjükler bakteriýalary we zyýanly bölejikleri saklap, bedeni gorap saklaýar.

Dem alyş ulgamynyň sagdyn işlemegi üçin arassa howa zerurdyr. Zäherli tüsseler, tozan we hapa howa dem alyş agzalaryna zyýan ýetirip biler. Şeýle hem, sowuklama we ýokanç keseller dem alyş ulgamynyň işine täsir edip biler. Dem alyş ulgamy bedeniň sagdyn işlemegi üçin örän möhümdir. Onuň dogry işlemegini üpjün etmek üçin arassa howada bolmak, fiziki işjeňlik bilen meşgullanmak we zyýanly endiklerden gaça durmak gereklidir.

Baýramgözel BAKYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok