Bereketli Nowruz, hoş gelipsiň Diýara!

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giňden we joşgunly bellenilýär. Bu baýram her ýyl 21-22-nji mart aralygynda geçirilýär. Nowruz baýramy dürli halklaryň, şol sanda türkmen halkynyň gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemläp, medeniýetiň we zähmet däpleriniň baý mirasyny häzirki zaman sungaty bilen utgaşdyrýar. Nowruz diňe bir baharyň gelmegini alamatlandyrman, eýsem, tebigatyň janlanýandygyny hem görkezýär. Bu baýram Türkmenistan bilen birlikde Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Täjigistan, Yrak, Hindistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly ýurtlarda we beýleki sebitlerde giňden bellenilýär. “Nowruz” sözüniň özi “Täze gün” diýen manyny aňladýar.

Türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklary asyrlarboýy onuň arzuwlarynyň we döredijilik mirasynyň aýdyň beýany bolup gelýär. Halkymyzyň Milli bahar baýramy bilen baglanyşykly däp-dessurlary, edebiýat eserleri, halk oýunlary we toý tagamlary öz gözbaşyny gadymy taryhdan alyp gaýdýar.

Bu baýramyň däpleri dürli döwürlerde goňşy we uzakdaky halklar bilen medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm orun eýeläpdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen geçen kerwenler arkaly türkmenleriň Nowruz bilen bagly däp-dessurlary dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrapdyr.

Bahar paslynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri geçirilýär. Aýdym-sazly çykyşlar we halk däp-dessurlary bilen utgaşyp, bu çäreler türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrýar.

Gülälek DURDYKYLYÇOWA,

Darganata etrap merkezi kitaphanasynyň
kitaphanaçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok