Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şan-şöhratly taryhly, baý medeni mirasly, her bir güni gülläp ösüşli mähriban halkymyzyň milli däp-dessurlary, toýdur baýramlary täze many-mazmuna eýe boldy. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz halkymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň özboluşly beýany hökmünde bu günki günde Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen täzeden galkynýar, taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi dünýä ýaýmak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler kemal tapýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gymmatly. özboluşly däplerini çuňňur öwrenmäge we ony döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Çünki Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününiň ajaýyp däpleri halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý edebi mirasyny içgin öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine uly hyzmat edipdir. Dünýäniň çar tarapyna ýol salan Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň bu milli baýramy bilen bagly ajaýyp däplerini dünýä ýaýradypdyrlar. Halkara Nowruz güni bilen bagly edebi eserler, halk oýunlary, toý tagamlary hem öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Şeýle-de Nowruzyň taryhy köklerini ekerançylygyň irki ojaklary bilen hem baglanyşdyrýarlar. Bu milli baýramyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap saklamak umumadamzat bähbitli ynsanperwer borjumyzdyr.
Berkarar döwletimizde häzirki wagtda Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda biziň ýurdumyzda hem bahar paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda bellenilipdir. Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siňdiren Nowruz baýramy biziň günlerimizde hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi. 2009-njy ýylda Nowruz baýramçylygynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. Dünýäniň ençeme döwletleriniň Nowruz gününi halkara baýramçylygy hökmünde belläp geçmek baradaky başlangyjy 2010-njy ýylyň 23-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan goldanyldy. Şondan bäri hem halkara Nowruz güni halkara derejesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
Ata-babalarymyzdan miras galan, kökleri taryhyň müňýyllyklaryna uzap gidýän Milli bahar baýramy – gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýşyň ýaraşygydyr. Ol külli äleme bolçulyk, hümmet getirýär, berekediň gözbaşy bolup saçaklara dolýar. Bahar paslynyň gözel görki bilen adamzat dünýäsine ruhy röwüş çaýýan günlerinde eziz diýarymyzda Nowruz güni täze keşbe eýe bolýar. Bu milli baýramy şahyrdyr ýazyjylarymyz hem çeper sözüň üsti bilen suratlandyryp, çeper beýan edipdirler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz goşgusynda Nowruzyň ajaýyp keşbini şeýle beýan edipdir:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Zeminiň gül-gülälege bürenip, ýürekleriň heýjana gelýän günlerinde Milli Bahar baýramy — halkara Nowruz gününiň belent joşguny eziz ýurdumyza beýik sepgitler, uly-uly gülläp ösüşler getirsin!
Täzegül DÄDEKOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Roman-german dilleri we edebiýaty
fakultetiniň iňlis dili we edebiýaty
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler