«Ýurt abadan — il bagtyýar» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi!

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerinden ruhlanyp, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ýangyn-amaly sport Federasiýasynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň bilelikde guramagynda «Ýurt abadan — il bagtyýar» şygary bilen ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat ediji döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.

Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:

1. Bäsleşige dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşyp bilerler.

2. Bäsleşige (öň metbugat sahypalarynda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenilmedik) şu ugurlardaky döredijilik işleri kabul edilýär:

— ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini wagyz-nesihat edýän temalardan makalalar;

— howpsuzlyk düzgünlerine degişli hekaýalar;

— bolup geçen wakalar, goşgular;

— bäsleşik bilen baglanyşykly düzülen krosswordlar;

— tebigatda ýangyn howpsuzlyk düzgünleri bilen bagly bolan dürli žanrlarda ýazylan eserlerini hödürläp bilerler.

3. Gelip gowşan eserlere emin agzalary baha berýärler.

4. Bäsleşige hödürlenilýän eserleri «Ýurt abadan — il bagtyýar» atly bäsleşige» diýen bellik bilen «Adalat» gazetiniň redaksiýasyna ibermeli.

5. Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanylan eserleri «Adalat» gazetinde çap etmek göz öňünde tutulýar.

6. Bäsleşik gazetde çap edilen gününden başlanýar.

Bäsleşigiň jemi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda jemlenip, ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenilýän işleri şu salga ibermeli:
Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy.
E-mail: adalat-gazeti@sanly.tm.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok