Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijilik zehinlerini kämilleşdirmek hem-de täze gözleglere, üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen, «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
1. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan raýatlar gatnaşyp bilerler.
2. Bäsleşige şu ugurlardaky döredijilik işleri kabul edilýär:
— hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň gazanan ösüşlerini, kanunçylygymyzdaky özgertmeleri wasp edýän şygyrlar, poemalar;
— milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kanunçylygymyzyň ähmiýetini wagyz edýän hekaýalar, nowellalar, liriki oýlanmalar we şuňa meňzeşler;
— hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerini, kanunçylygymyzy wagyz edýän dürli žanrdaky (publisistik, çeper publisistik) makalalar, oçerkler;
— hukuk temasynda düzülen krosswordlar;
— ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz edýän fotokollažlar, çekilen surat eserleri.
3. Hödürlenen eserlere emin agzalary baha berýärler.
4. Bäsleşige hödürlenýän eserleri «Jan Watanym Türkmenistan» döredijilik bäsleşigine diýen bellik bilen «Adalat» gazetiniň redaksiýasyna E-mail: adalat-gazeti@sanly.tm ibermeli.
5. Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanan eserleri «Adalat» gazetinde çap etmek göz öňünde tutulýar.
6. Bäsleşik şu Düzgünnama gazetde çap edilen gününden başlanýar. Ol Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabr aýynda jemlener.
7. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli:
Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy.
Teswirler