“Parahatçylyk we maşgala agzybirligi” atly döredijilik sergisi açyldy

2025-nji 6-njy martynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym we talyplaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň hormatly il Ýaşulysy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory  Babasary Annamyradowyň şahsy ýygyndysyndan gurnalan “Parahatçylyk we maşgala agzybirligi” atly döredijilik sergi açyldy. Sergide her bir maşgala ojagynyň asudalygyny agzybirligini, parahat durmuşyny beýan edýän eserler sergilenip, tomaşaçylara  ýetirildi. Türkmen halkyna mahsus bolan ahlak we ynsanperwerlik sypatlaryny özünde jemleýän maşgala baradaky eserlerde mährem enelerimiziň  çagalaryna ýagşy görüm-görelde görkezýän pursatyny görmek bolýar. Türkmen halky öz maşgalasyny milli däp-dessurlarymyz esasynda kämilleşdirýär. Maşgala – jemgyýetiň esasy söýesi bolup, nesil daragtynyň gülläp-ösmegi üçin dowamatdyr. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maşgala agzybirligi barada edýän atalyk aladalaryna jogap edip, maşgala mukaddesligini gorap saklamak kämil jemgyýetiň özenidir. Terbiýeli nesil bolsa jemgyýetde maşgala gatnaşyklarynyň berk hem kämil bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.  

Halypa mugallymyň kämil we çeperçilik taýdan ýokary ussatlykly döredijilik eserleri, tomaşaçylarynyň köňüllerinde orun tutsun. Serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy dünýä tanatmak, suratkeşimiziň döredijiligini çuňňur öwrenmek hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýtdylar.

Tawus Garajaýewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň ylym bölüminiň uly ylmy işgäri

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok