Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda ýaşaýan Sarygül Mätiýewa şu ýyl 117 ýaşyny doldurdy.
Pasportynda bar bolan maglumata görä, Sarygül Mätiýewa 1908-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda doglupdyr. Sarygül ene Mäti Bozaganow bilen maşgala gurup, alty çagany – Gurban hem-de Güýç atly ogullaryny, Amantäç, Ejegül, Gyzsoňy, Altyn atly gyzlaryny edep-ekramly, hojalykçy edip terbiýeleäpdirler. Häzirki wagtda olaryň ählisi-de hormatly dynç alyşda. Sarygül enäniň 43 agtygy, 97 çowlugy, 9 ýuwlugy bar.
Sarygul Mätiýewa uly ýaşyna garamazdan, şadyýanlygyna galýar, onuň sözleri we ýylgyryşy hoşniýetliligi we paýhaslylygy paýlaýar. Uzak ýaşamagynyň syry diýip ýakyn garyndaşlarynyň ýanynda asuda durmuşyny hasaplaýar.
Häzirki wagtda Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitaby «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça iň uzak ýaşly adamlary kesgitlände Gerontologik barlag toparynyň maglumatlaryna esaslanýar. 1990-njy ýylda döredilen bu gurama uzak ýaşan ýaşaýjylary (azyndan 110 ýaşan) agtarýan hem-de barlaýan dürli ugurlara ýöriteleşen barlagçylaryň toparydyr. Hünärmenler şeýle adamlaryň doglan anyk senesinden başlap, bütin ömri baradaky maglumatlary öwrenip, olaryň hakykylygyny anyklaýarlar we şondan soň uzak ýaşlylaryň sanawyna girizýärler.
2024-nji ýylyň dekabr aýynyň maglumatlaryna görä, bu gözleg-barlag topary tarapyndan dünýä taryhynda ýaşy 110-dan geçen iň uzak ýaşly 100 adam resmi taýdan hasaba alyndy. Sanawda 1875 — 1997-nji ýyllar aralygynda ýaşap, 122 ýaşynda aradan çykan fransiýaly zenan Žanna Kalman häli-häzire çenli iň uzak ýaşan adam hökmünde görkezilýär. Şol sanawdakylaryň häzirki günde diňe dördüsiniň ýaşaýandygy, 1908-nji ýylyň 8-nji iýunynda doglan braziliýaly monah zenan Ina Kanabarro Lukasyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy» hökmünde şu ýylyň ýanwarynda resmi taýdan Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi görkezilýär. Sanaw bilen tanşanyňda, gerontologik barlaglaryň, esasan-da, Amerikada, Latyn Amerikasy, Ýewropa we Gündogar Aziýa ýaly sebitlerde has işjeň geçirilendigini çaklamak mümkin. Şu ýerde ýurdumyzyň degişli düzümleri tarapyndan resmi hasaba alnan maglumatlara salgylanylsa, iki sany pikir gelip çykýar: fransiýaly ene 122 ýaşap, taryhda iň uzak ýaşan adam hökmünde resmileşdirilipdir. Makalamyzyň başynda hem belleýşimiz ýaly, ildeşimiz Ajapsoltan ene Hajyýewa hem 122 ýaşynda gaýdyş etdi. Ikinjiden, resmi taýdan häzir ýaşap ýörenleriň arasynda iň ýaşuly saýylyp, Ginnesiň kitabyna girizilen braziliýaly ene 1908-nji ýylyň 8-nji iýunynda doglupdyr. Diýmek, ol doglanda Sarygül enemiz bäş aýlyk bäbek ekeni.
Teswirler