
Türkmen tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýe döwletine iberilip başlandy. Tebigy gaz bilen üpjün etmek işi, gündelik gaz daşamak kuwwaty 28 million kub metr bolan Eýran-Türkiýe turbageçirijisiniň ulanylmadyk bölegi arkaly ýola goýuldy.
Türkiýe soňky 20 ýylda ilkinji gezek öz serhetdeş bolmadyk ýurdundan turbageçirijiler arkaly gaz alýar. 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistan 1,3 milliard kub metr gazy Türkiýä ibermegi meýilleşdirilýär. Bu bolsa, 1.5 million hojalygyň tebigy gaz zerurlyklaryny kanagatlandyrar. “BOTAŞ” kompaniýasy “Türkmengaz” bilen degişli ylalaşygy 5 ýyla çenli uzaltmagy göz öňünde tutýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmen gazy Türkiýäniň Günbatara gaz eksporty üçin alternatiw ugur döretmek nukdaýnazaryndan strategiki ähmiýete eýedir. Bu, Türkiýäniň geosyýasy pozisiýasyny güýçlendirer şeýle hem Türkiýäniň tebigy gaz söwda merkezine öwrülmegi üçin möhüm ädim bolar.
Atajan EÝÝUPOW,
habarçy, žurnalist.
Teswirler