Türkmen oba hojalyk institutynda ylmy webinar geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji aýynda Monte​-karloda​ geçirilen 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini giňişleýin wagyz etmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, S​.A​.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiň we Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplaryň ylmy gurnaklarynyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda ylmy webinar​ geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Monako​ Knýazlygynda​ saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte​-Karloda​ geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda geçirilen “Milli at üstündäki oýunlarynyň däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we halkara derejesinde abraýymyzy artdyrmakda ähmiýeti” atly ylmy webinarynda​ çykyş edenler Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülendigini buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda ýelden ýüwrük bedewler barada söhbet açýar.

Sanly ulgam arkaly geçirilen ylmy webinaryň​ ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada bimöçber aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Hormatly Prezidentimiziň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Serdar Muminow,

Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok